
Döwlet Baştutany Kasym-Žomart Tokaýewiň Gazagystanyň halkyna ýüzlenmesi
HALKYŇ AGZYBIRLIGI WE BÜTEWI ÖZGERTMELER – ÝURDUŇ ROWAÇLYGYNYŇ BERK BINÝADY
Hormatly watandaşlar!
Hormatly Parlamentiň deputatlary we Hökümetiň agzalary!
Şu ýylda biz Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyny belleýäris – munuň özi biziň iň ýokary gymmatlygymyzdyr.
Ilkinji Prezidentiň – Ýolbasynyň öňden görüjilikli syýasaty amala aşyrmagynyň netijesinde, Gazagystan möhüm ähmiýetli üstünlikleri gazandy we tutuş dünýäde belli boldy.
Biz agzybirlik we jebislik arkaly, täze döwleti gurmagy başardyk – munuň özi biziň gazanan esasy üstünligimizdir.
Biz ösüş üçin berk binýadyny goýup, milletiň ruhuny berkitdik. Dünýä bileleşiginiň at-abraýly agzasy bolduk. Jemgyýetde durnukly ýagdaýy saklamak arkaly, durnukly ösüşiň ýoluna düşdük.
Biz bilelikde kuwwatly döwleti gurýarys. Özygtyýarlylyk – munuň özi biderek şygarlar we badyhowa sözler däldir. Biziň üçin, her bir raýatyň Garaşsyzlygyň miwelerini görmegi möhüm eýedir, parahat durmuş, jemgyýetiň agzybirligi, halkyň maddy hal-ýagdaýynyň gowulanmagy, ýaşlaryň geljege ynamly garamagy Garaşsyzlygyň esasy miweleridir.
Biziň ähli başlangyçlarymyz şuňa gönükdirilendir. Gazagystanlylaryň agzybirligi we döredijilikli zähmeti arkaly, biz ähli kynçylyklara döz gelýäris we synaglardan baş alyp çykýarys.
Biziň ýurdumyz Garaşsyzlygyň dördünji onýyllygynyň bosagasynda dur. Häziriki wagtda şol döwrüň aňsat döwür bolmajakdygy aýdyň görünýär. Şoňa görä-de, biz her hili wehimlere we howplara taýyn bolmaly, üznüksiz kämilleşmeli elmydama öňe tarap gadam urmaly.
Meniň Gazagystanyň halkyna şu Ýüzlenmäm aşakda görkezilen meselelere bagyşlandy.
І. PANDEMIÝADAN SOŇKY DÖWÜRDÄKI YKDYSADY ÖSÜŞ
Häzirki wagtda Gazagystanyň Merkezi Aziýadaky örän uly ykdysadyýeti pandemiýanyň netijelerini başdan geçirýär. Her niçik bolsa-da, kynçylyklara garamazdan, biz öz esasy ugrumyzy yzygiderli ýagdaýda amala aşyrýarys.
Orta möhletleýin ykdysady syýasaty kesgitlemek hem-de döwletiň başlangyçlaryny ulgamlaşdyrmak maksady bilen, biz 2025-nji ýyla çenli Ösüş baradaky milli meýilnamany kabul etdik hem-de döwlet tarapyndan meýilleşdirilmeginiň täze ulgamyna (kadasyna) geçdik. Şunda milli taslamalar tassyklanar.
Biziň strategik maksadymyz Merkezi Aziýadaky liderlik ornumyzy pugtalandyrmakdan we dünýä ykdysadyýetinde eýeleýän ýagdaýymyzy berkitmekden ybaratdyr.
Mundan beýläk-de göni maýa goýumlaryny çekmek üçin, täze gural (usul) – Maýa goýumlary baradaky strategik ylalaşyk ornaşdyryldy.
Kwazi döwlet ulgamyny (sektoryny) oňaýlaşdyrmak üçin anyk çäreler kabul edildi. “Baýterek” we “KazAgro” holdinglerini birleşdirmek tamamlandy. Geçginsiz kompaniýalar iki esse azaldyldy, olaryň wezipe sanawyndaky işgärler bir ýarym esse kemeldildi. Netijede, ösüşiň täze kuwwatly instituty döredildi.
Pandemiýa mahsus şertlerde döwlet raýatlara we işewürlige (biznese) giň gerimli we gyssagly ýagdaýda goldaw berdi.
“Ýönekeý zatlaryň ykdysadyýeti” atly maksatnama özüniň netijeliligini äşgär etdi. Bu maksatnamany amala aşyrmagyň barşynda, 3,5 müňden gowrak taslamanyň berjaý edilmegine badalga berildi, 70 müň iş orunlary döredildi, 3,5 trln tenge barabar harytlar öndürildi we hyzmatlar berjaý edildi.
“Işewürligiň ýolunyň kartasy” atly maksatnama arkaly, 66 müň sany taslama döwlet tarapyndan goldaw berildi. Munuň özi 150 müňden gowrak iş orunlaryň döredilmegine we saklanyp galynmagyna ýardam berdi.
Pensiýa boýunça toplanan puldan uzak möhletleýin peýdalanmak baradaky başlangyç ykdysady taýdan, ýöne ilki bilen, durmuş (sosial) taýdan düýpli netije berdi. Bu çäre biziň raýatlarymyzyň milliondan gowragyna öz ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga ýa-da ipoteka boýunça kynçylygy azaltmaga ýardam berdi.
Umuman alanyňda, ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde oňyn dinamika äşgär bolýar. Her niçik bolsa-da, ýagdaýyň entek hem çylşyrymly bolmagynda galýandygyny açyk aýtmak gerek.
Şoňa görä-de, men “Ýönekeý zatlaryň ykdysadyýeti” we “Işewürligiň ýolunyň kartasy” atly maksatnamalaryň hereket edýän möhletini 2022-nji ýyl üçin uzaltmak baradaky çözgüdi kabul etdim. Bularyň maliýeleşdirilmegi üçin bölünip berlen serişdeleriň umumy möçberi azyndan bir trillion tenge bolar.
Esasan, döwletiň bergisiniň az bolandygy we ep-esli ätiýaçlyk gorlaryň bar bolandygy üçin, deňeşdirip aýdanyňda, Gazagystan pandemiýanyň netijelerinden üstünlikli baş alyp çykýar. Munuň özi bäsdeşlikde düýpli artykmaçlykdyr we ony elden gidermezlik möhüm ähmiýete eýedir.
Ýöne soňky döwürde bergiler boýunça borçnamalary üzmek üçin, býujetiň ýetmezçiligi (defisiti) we Milli gaznadan gönükdirilýän transfertler artýar. Elmydama şunuň ýaly “aňsat” ýol bilen gitmek başa barmaz. Maliýe taýdan durnuklylygy saklamak üçin ätiýaçlyk goruň çäklidigini bellemek gerek. Şunda býujetiň girdejilerini artdyrmak boýunça zerur çäreleri amala aşyrmagyň zerurdygy görünýär. Ýöne ilkinji nobatda döwletiň çykdajylarynyň möçberine we netijeliligine gözegçilik etmek zerur.
Milli gaznanyň aktiwlerini öňki ýagdaýyna getirmek üçin, býujetiň kadalarynyň ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmak gerek. Kanunçylyga degişli düzedişler şu ýylyň ahyryna çenli kabul edilmelidir.
Umuman alanyňda, ýurda döwletiň maliýe serişdelerini: döwletiň bergisini, býujet syýasatyny, Milli gaznany dolandyrmak boýunça düzgünleriň toplumy zerur. Hökümetden we Milli bankdan Döwletiň maliýe serişdelerini dolandyrmagyň konsepsiýasyny şu ýylyň ahyryna çenli taýýarlamagy haýyş edýärin.
Şunuň bilen birlikde, ykdysadyýetiň diwersifikasiýasy, öndürilýän harytlaryň nomenklaturasyny artdyrmak we eksportyň geografiýasyny giňeltmek boýunça işleri dowam etdirmek gerek.
2020-nji ýylyň jemleri boýunça, işläp taýýarlaýan senagatyň ykdysadyýetiň ösüşine goşan goşandy magdan gazyp alyjy pudagyň paýyndan industrializasiýanyň 10 ýylynda ilkinji gezek köp boldy. Orta möhletleýin maksat – 2025-nji ýyla çenli işläp taýýarlaýan senagatyň eksportyny 1,5 esse, ýagny 24 milliard dollara çenli artdyrmakdan, zähmet öndürijiligini bolsa 30% ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
“Senagat syýasaty hakynda” işlenip düzülýän kanun işläp taýýarlaýan ulgamyň öňünde goýlan meseleleriň çözülmegine ýardam bermelidir. Şolaryň biri çig malyň elýeterli edilmegine ygtyýar bermek baradaky meseledir. Ýönekeý düzgüni ornaşdyrmak talap edilýär, ýagny ýurduň senagaty üçin çig mal görnüşli harytlaryň bahasy elýeterli bolmaly, möçberi – ýeterlikli bolmalydyr. Ýylyň ahyryna çenli Hökümet bu möhüm meseläni çözmegiň oňaýly wariantyny tapmalydyr.
Şunda ýurdumyzyň gorlar (resurslar) boýunça mümkinçiliginiň bütinleý äşgär edilmändigini we geologik taýdan öwrenmegiň pes derejededigini göz öňünde tutmak gerek.
Geologiýa degişli göwnejaý hilli maglumatlaryň maýadarlar üçin elýeterli edilmeginiň gerimini giňeltmek gerek. Munuň üçin pudagyň tabynlygyndaky guramalaryň binýadynda netijeli işleýän Milli geologiýa gullugy döredilmelidir. Bu gurama ýerasty baýlyklaryň kim üçin we nädip elýeterli edilmegini çözýän monopoliste öwrülmeli däldir. Onuň wezipesi maýadarlar üçin toplumlaýyn serwis kömegini berjaý etmekden ybarat bolmalydyr.
Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak baradaky pudak aýratyn-da, geologik gözleglerde we ýeriň astyndaky baýlyklaryň ýagdaýyny toplumlaýyn öwrenmekde täzeden badalga berilmegine mätäç. Milli meýilnamanyň çygrynda amala aşyrylyp başlanan özgertmeler tejribede ahyryna çenli berjaý edilmelidir, ýagny geologik maglumatlaryň açyk sanly binýadyny döretmeli, şol binýadyň maýadarlar üçin elýeterli bolmagyny üpjün etmeli.
Ýerasty baýlyklar – munuň özi milli baýlykdyr. Olaryň elýeterli edilmegine ygtyýar bermek baradaky çözgütleriň ümsüm iş otaglarynda resmi däl ýagdaýda ara alnyp maslahatlaşmak arkaly kabul edilmegini kanuna laýyk gelmeýän ýagdaý diýip hasaplamaly. Degişli edaralar şu mesele boýunça gözegçilik edilmegini üpjün eder.
Onsoň, döwletiň ykdysadyýete çendenaşa gatyşmagy onuň ösüşini düýpli derejede haýalladýar we bäsdeşlige ukyplylygyny gowşadýar, korrupsiýanyň we bikanun lobbirlenmeginiň ýüze çykmagyna getirýär. Döwlet kärhanalary, ozalkysy ýaly, birgiden ulgamlarda (sektorlarda) agdyklyk edýär, monopoliýa dahylly ýeňilliklerden peýdalanýar.
Biz şu meseleleri çözmäge girişdik. Şunlukda, Döwlet tarapyndan dolandyrylmagy baradaky konsepsiýada kwazi döwlet ulgamyny (sektoryny) kemeltmek, onuň netijeliligini artdyrmak, aýdyňlygyny we hasabat berijiligini üpjün etmek boýunça çäreler göz öňünde tutuldy. Hususylaşdyrmagyň täze meýilnamasy özgertmeler boýunça Ýokary geňeş tarapyndan tarapyndan makullandy. Indi berk gözegçilik etmek gerek.
Ýöne başga meseleler hem ýüze çykýar. Hususan-da, näme üçin käbir milli kompaniýalar we döwlet kärhanalary çykdaja galyp işleýär we munuň üçin bularyň birinji ýolbaşçylary jogapkärçilik çekmeýär? Hökümet şu meseläni çözmeli bolar.
Şeýle hem biz inflýasiýanyň gözegçilige alynmaýan ýagdaýdaky ösüşi bilen ýüzbe-ýüz bolduk. Milli bank, Hökümet dünýädäki meýillere (tendensiýalara) salgylanyp, bu meseläni çözmegi başarmady. Şunuň ýaly başdansowma bahanalar milli ykdysadyýetiň gowşak taraplaryny äşgär edýär. Şu ýerde biziň professional ykdysatçylarymyz neneňsi wezipä eýerýär diýen sowal ýüze çykýar.
Milli bankyň we Hökümetiň esasy wezipesi inflýasiýany 4-6% barabar çygra gaýtarmakdan ybaratdyr.
Çökgünlige (krizise) garşy gönükdirilen we umumy möçberi 6,3 trln tengelik çäreleriň amala aşyrylmagy netijesinde pullaryň artykmaç massasy emele geldi. Ýöne şol serişdeleriň gönükdirilmeýän ýerleri hem bar. Ikinji derejeli banklar aýratyn-da oba ýerlerinde kiçeňräk taslamalar üçin maýa goýumlaryny gönükdirmeýär.
Şoňa görä-de, mikro maliýe edaralarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagyny ýola goýmaly bolar. Bu edaralar ýerlerde işleýär, müşderileri tanaýar, olaryň işini (biznesi) we mümkinçiliklerini bilýär. Milli bank we Maliýe taýdan düzgünleşdirmek boýunça agentlik şu meselä degişli çözgütleriň toplumyny taýýarlamaly bolar.
Stresli aktiwleriň derejesini peseltmek ugrundaky iş uly ähmiýete eýedir.
Biz döwletiň bankirlere ýardam bermeli däldigi baradaky çözgüdi kabul etdik. Şunuň bilen birlikde, ulanylmaýan (togtadylan) aktiwleri ykdysady dolanyşyga hut bazara esaslanmak arkaly gaýtarmak gerek. Munuň üçin kanunçylyk binýady zerurdyr. Milli bank Maliýe taýdan düzgünleşdirmek boýunça agentlik bilen bilelikde, ýylyň ahyryna çenli kanunyň taslamasyny Parlamente hödürlemelidir.
Indi inflýasiýanyň monetar däl düzümleri barada aýdaýyn. Şolaryň arasynda azyk önümleriniň bahalary esasy düzüm hasaplanýar.
Gazagystanyň agrar kuwwaty (potensialy) barada köp aýdylýar. Ýöne agrar senagatynyň toplumynda birgiden meseleler bar.
Ilki bilen, nyrhlary emele getirişiň we azyk harytlarynyň paýlanylyşynyň netijeli däldigini aýtmak gerek. Men lomaý-paýlaýyş merkezlerini döretmegiň zerurdygy barada aýdypdym. Şu wezipe amala aşyrylýan tapgyrdadyr.
Şolaryň kiçeňräk oba hojalyk harytlaryny öndürijiler, megerem, hususy hojalyklar üçin elýeterli bolmagyny üpjün etmek zerur. Şu bazaryň monopoliýalaşdyrylmagyna ýol bermek bolmaz.
Şeýle hem öndürijiden sarp edijä ýetýänçä, bahalara umumy gözegçiligiň amala aşyrylmagyny üpjün etmek gerek. Häzirki wagtda şu iş üçin birnäçe pudak edaralary jogap berýär. Bahalar ýene-de birden ýokary galan halatynda, olar ýagdaýy oýlanyşykly seljermegiň we täsirli çäreleri görmegiň deregine, günäni başga biriniň üstüne atmak bilen meşgullanýarlar. Şu işde tertip-düzgüni ýola goýmagyň wagty geldi. Indi jogapkärçiligiň çygryny aýdyňlaşdyrmaly, esasy edara hökmünde bir edarany bellemeli, beýleki edaralaryň özara ylalaşykly hereket etmeginiň takyk reglamentlerini düzmeli. Hökümet bir aýlyk möhletiň dowamynda şu mesele boýunça çözgüdi kabul etmelidir.
Ikinjiden, oňaýsyz howa şertleri maldarçylykdaky düýpli meseleleri äşgär etdi. Biz gyssagly çäreleri amala aşyrmak arkaly, ot-iýmler bilen üpjünçilige degişli ýagdaýy durnuklaşdyrdyk. Ýöne bu ugurda entek yzygiderli (ulgamlaýyn) hereketleri amala aşyrmak zerur.
Ot-iýmlik ekinleriň ösdürilip ýetişdirilýän meýdanlaryny giňeltmek hem-de ekin dolanyşygynyň berjaý edilmegine gözegçiligi güýçlendirmek, kosmos arkaly monitoringe we ýerleriň daş aralykdan zondirlenmegine degişli mümkinçiliklerden giň gerimde peýdalanmak zerur. Şeýle hem öri meýdanlarynyň ulanylyşynyň netijeliligini artdyrmak gerek.
Häzirki wagtda öri meýdanlarynyň belli familiýaly we öz mülklerini mäkäm galalara öwüren şahslara degişli bolup durýandygy üçin, fermerler mal bakylýan öri meýdanlaryna baryp bilmeýär. Her hili sebäplere görä, şol sanda şahsy garaşsyzlygy zerarly akimler bu meseläni çözüp bilmeýär.
Hökümet ygtyýarly edaralar bilen birlikde, bu ýagdaýy düzetmek üçin aýgytly çäreleri görmelidir. Oba adamlarynyň hojalyklarynyň öri meýdanlary bilen üpjün edilmegine aýratyn üns berilmelidir. Olaryň hukuk statusyny we goldaw bermegiň usullaryny “Hususy kömekçi hojalyklar hakyndaky” aýratyn kanunda ýazyp görkezmek gerek. Hökümet kanunyň taslamasyny gysga möhletlerde işläp düzmelidir.
Weterinariýa ulgamy hem kämilleşdirilmegini talap edýär, bu ulgamda merkeziň we sebitleriň arasyndaky wezipeler (funksiýalar) we ygtyýarlyklar takyk kesgitlenmelidir. Mallaryň sagdynlygy we önümliligi weterinarlaryň ýerlerdäki netijeli işine baglydyr. Öz gezeginde, bu ýagdaý oba adamlarynyň maddy hal-ýagdaýyna gönüden-göni täsir edýär.
Oba hojalyk önümleriniň agramly böleginiň eksportyny döwrebap weterinariýa gulluksyz giňeltmek mümkin däl. Şoňa görä-de, bu ulgamdaky işleri: amallaryň (prosesleriň) sanly ulgama geçirilmegini, maglumatlaryň toplanmagynyň we ondan-oňa berilmeginiň awtomatik ýagdaýa geçirilmegini, işgärleriň taýýarlanmagyny we zähmet haklarynyň köpeldilmegini yzygiderli amala aşyrmak talap edilýär. Hökümet weterinariýa ulgamyny özgertmek (reformirlemek) boýunça anyk çäreleri kabul etmelidir.
Üçünjiden, biziň agrar syýasatymyzda yzygiderliligiň üpjün edilmeýändigi äşgär bolýar. Ministrler çalşyrylandan soňra, syýasat hem özgerýär. Şunuň ýaly şertlerde fermerlere geljekki işlerini meýilleşdirmek aňsat düşmeýär. Indi bir umumy esasy ýoly işläp düzmek zerur. Şoňa laýyklykda, subsidirlemegiň (pul kömegini) bermegiň mehanizmlerine gaýtadan garamaly we durnukly ýagdaýa getirmeli.
Galyberse-de, diňe soňky bäş ýylda subsidirlemek üçin 2 trln gowrak tenge gönükdirildi. Gynansak-da, oba senagat toplumyndaky jenaýat işleriniň ýarsyndan gowragy subsidiýalaryň ogurlanmagy bilen baglanyşyklydyr. Şunuň ýaly ýagdaý kabul ederliksizdir.
Kanunçylyk binýadyny berkitmek, meýilleşdirmegiň we monitoringiň netijeli ulgamyny ornaşdyrmak zerur. Sibsidiýalary resmileşdirmegiň tertibi düşnükli we aýdyň bolmalydyr. Subsidiýalar kiçi we orta hojalyklar üçin doly derejede elýeterli bolmalydyr.
Oba hojalygynyň tehnologik taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagyny höweslendirmegiň usullaryny jikme-jik öwrenmek gerek. Oba senagat toplumynda ulanylýan tehnologiýalaryň 90% golaýy bütinleý köneldi we döwrebaplaşdyrylmagyna mätäçdir.
Oba hojalygyny subsidirlemek baradaky syýasaty döwletiň senagat syýasatyna laýyk getirmek gerek. Hökümetden we “Baýterek” holdinginden şu meseleler boýunça teklipleriň toplumyny taýýarlamagy haýyş edýärin.
Umuman alanyňda, oba senagat toplumynyň esasy wezipesi ýurdy esasy azyk önümleri bilen doly üpjün etmekden ybaratdyr.
Şu ýylda men oba hojalyk ýerlerini daşary ýurtlulara we daşary ýurtlaryň gatnaşýan kompaniýalaryna satmak we kärendesine bermek baradaky meselä gutarnykly nokat goýan kanuna gol çekdim.
Ýer hakyndaky kodekse ýurduň maýadarlaryny oba ýerleriniň ösüşine serişdeleri gönükdirmegini höweslendirýän düzedişler girizildi. Bu özgerişlikler oba hojalyk ýerleriniň göwnejaý ykdysady dolanyşygyna çekilmegine mümkinçilik döredýär.
Bu çözgütleriň ählisiniň biziň oba senagat toplumymyza oňyn täsirini ýetirjekdigine hem-de bu toplumyň milli ykdysadyýetiniň ösüşiniň möhüm ugurlarynyň birine öwrüljekdigine ynanýaryn.
Indiki mesele. Häzirki döwürde çuňňur sanly ulgam bäsdeşlige ukyplylygyň esasy faktorlarynyň biri diýlip hasaplanýar.
Gazagystan üçin, döwrebap sanly tehnologiýalaryň transferti, 4.0 Industriýanyň elementlerini ornaşdyrmak örän möhüm ähmiýete eýedir. Biz daşary ýurtlardaky strategik hyzmatdaşlarymyz bilen göwnejaý işlemeli.
Şunda ýurduň IT-ulgamyny ösdürmek we güýçlendirmek wajyp ähmiýete eýedir. Ýurda ýaş, bilimli, maksada okgunly ýaşlar zerur. Sanly ulgama geçmek baradaky Milli taslamanyň çygrynda ýokary derejeli IT-hünärmenleriň azyndan 100 müň sanysyny taýýarlamak zerur.
2025-nji ýyla çenli sanly ulgamda hyzmatlaryň we harytlaryň eksporty azyndan 500 mln dollara ýetmelidir.
Şu we beýleki wezipeler döwlet sektorynyň sanly ulgama bütinleý geçirilmegini talap eder. Şunda döwlet edaralarynyň maglumat ulgamlarynyň netijeli integrasiýasynyň amala aşyrylmazlygy öňden bäri esasy mesele bolmagynda galýar. Bu mesele düýpli we örän bahym çözülmelidir.
Birinjiden, “sanly hökümetiň” düýpgöter täze arhitekturasyny düzmeli bolar. Döwlet sektorynyň IT-başlangyçlarynyň ählisi diňe Gazagystanyň Döwlet tehnikasynyň täze platformasyna esaslanar. Munuň özi dublirlemegi, biderek çykdajylary we býurokratiýany aradan aýrar, döwletiň hyzmatlarynyň 100 göterimi raýatlar üçin smartfonlar arkaly elýeterli ediler.
Ikinjiden, biz Sanly transformasiýa boýunça merkeziň işine badalga berýäris, bu ýerde döwlet edaralarynyň işewürlik amallarynyň ählisi sanly formata geçiriler.
Üçünjiden, milli kompaniýalaryň we IT-bileleşigiň özara ylalaşykly hereket etmegine degişli platforma döredilmelidir. Kwazi döwlet sektorynyň sanly görnüşdäki zerurlyklary we ýüz tutmalary ýurduň öz kompaniýalarynyň güýçleri arkaly maksimal derejede üpjün edilmelidir.
Dördünjiden, maglumatlary ondan-oňa geçirýän liniýalary halkara ýollar (koridorlar) bilen baglanyşdyrmak arkaly, tapgyrlaýyn giňeltmeli we täzelemeli. Maglumatlary işläp taýýarlaýan we goňşy ýurtlara hyzmat edip biljek merkezleri döretmeli bolar.
Biz maglumat-telekommunikasiýa boýunça özümizdäki örän uly mümkinçilikleri (potensialy) amala aşyrmaly. Sanly täze ulgamlaryň eýýamynda bu potensial geosyýasy ähmiýete eýe bolar. Gazagystan Ýewraziýa sebitiniň ep-esli böleginde merkezi sanly haba (uzele) öwrülmelidir.
Elbetde, şu wezipäni berjaý etmek üçin, işgärleriň taýýarlygyny güýçlendirmeli bolar. Premýer-ministrden maňa öz tekliplerini hödürlemegini haýyş edýärin.
Onsoň, Owganystandaky ýagdaý, global dartgynlygyň umumy ýagdaýda artmagy goranyş-senagat toplumyna we Harby doktrina täzeden badalga bermek baradaky wezipe öňde durýar.
Şeýle hem goranyş ukyplylygyny pugtalandyrmak, howplara dessine (operatiw ýagdaýda) baş galdyrmak döwlet derejesinde ileri tutulýan möhüm ugurlara öwrülmelidir. Biz daşky şoklara we wakalaryň barşynyň has kynçylykly wariantyna taýyn bolmaga girişmeli. Döreýän daşky howplary (töwekgelçilikleri) modelirlemek örän derwaýys ähmiýete eýe boldy. Stress-testleri, ssenarileri işläp düzmeli, şolara esaslanmak arkaly, döwlet diwanynyň (apparatynyň) hereketlerine degişli meýilnamalar işlenip taýýarlanar we takyklanar.
Halkyň arasynda “Saglygym – baş baýlygym” diýen nakyl bar.
Koronawirus saglygy goraýyş ulgamy üçin düýpli synaga öwrüldi. Dünýäde ýaýran epidemiýa yza çekilmeýär. Her günde raýatlarymyzyň müňlerçesi keselleýär, aradan çykýanlaryň sany az däl.
Pandemiýanyň ilkinji günlerinden bäri biz haýal-ýagallyga ýol bermän, infeksiýanyň ýaýramagyna garşy gönükdirilen çäreleri gördük.
Gazagystan koronawirusyň garşysyna ulanylýan öz waksinasyny işläp taýýarlan az sanly döwletleriň biridir. Biz QazVac atly serişdämiziň täsirliligine we howpsuzlygyna asla şübhelenmeýäris, häzirki wagtda bu serişde babatda başga ýurtlar hem gyzyklanma bildirýär.
Bizde waksinalaryň ýeterlikli ätiýaçlyk gory bar, gazagystanlylara saýlap almaga mümkinçilik döredildi, döwletleriň aglabasynda şunuň ýaly mümkinçilikler ýok.
Ýurtda köpçülikleýin waksinasiýa dowam edýär, ýöne, jemgyýetde, ozalkysy ýaly, waksinasiýa garşy çykýanlar hem az däl. Olar sanjymdan ýüz öwürmek bilen çäklenmän, gaýta, ilaty hem sanjymsyz oňmaga çagyrýar. Birgiden adamlar bularyň täsirine sezewar bolup, näme işlemelidigini bilmeýän ýagdaýda galdy.
Şol adamlaryň ählisi diňe özleriniň däl-de, başgalaryň jan saglygy üçin hem jogapkärçilik çekýändigine düşünmelidir. Şoňa görä-de, waksinasiýa garşy wagyz edýänleriň gepine aldanmaly däl.
Adamzat ençeme epidemiýany başdan geçirdi. Biz hut waksinalar döredilenden soňra birentek howply keselleriň öňüne böwet basylandygyny ýatdan çykarmaly däldiris.
Ýakyn geljekde dünýäde koronawirusyň täze ştammlary ýüze çykyp biler, ekspertleriň çaklamagyna görä, başga pandemiýalaryň hem döremegi ahmal. Biz şol ýagdaýlaryň haçan ýüze çykjakdygyna garaşmal däl. Biz şunuň ýaly şertlerde ýaşamagy we ösüş gazanmagy öwrenmeli.
Şoňa görä-de, häzirki wagtda buster waksinalary satyn almak gerek we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan bellige alnan waksinalaryň satyn alnyşyny tizleşdirmek zerur.
Şeýle hem tutuş saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli waksinasiýanyň amala aşyrylmagyna geçmegine taýýarlanmak gerek.
Ýurduň biologik howpsuzlygyny çaklamak baradaky Milli ulgam döredilmelidir. Şu çäre degişli kanunyň taslamasynda göz öňünde tutulmalydyr. Onuň sessiýanyň ahyryna çenli kabul edilmegini Parlamentden haýyş edýärin.
Lukmançylyk barlaghanalarynyň aglabasy halkara standartlaryna laýyk gelmeýär. “Sagdyn millet” atly milli taslamanyň çygrynda barlaghanalaryň azyndan 12-siniň ýokary tehnologik enjamlar bilen üpjün edilmegini göz öňünde tutmak gerek. Munuň özi biziň barlaghanalarymyzyň halkara standartlaryna laýyk gelşiniň derejesiniň 90% çenli ýokarlandyrylmagyny üpjün eder.
Koronawirus bilen baglanyşykly bolmadyk kesellere degişli ýagdaýyň ýaramazlaşmagyna ýol bermek bolmaz. Pandemiýa mahsus şertlerde meýilleşdirilen skriningler operasiýalar gaýra goýulýar. Köp sanly çagalara standart sanjymlar doly geçirilmeýär. Elbetde, işde şunuň ýaly ýagdaýa asla ýol berilmeli däldir.
Lukmançylyk ulgamy ep-esli mukdarda maliýeleşdirilmegine mätäç. Bu ýerde infrastruktura, işgärler, däri-dermanlar bilen üpjünçilik barada gürrüň gidýär.
Derman senagaty aýratyn üns berilmegini talap edýär. Wirusa garşy göreş bu pudagyň bäsdeşlige ukyplylyk we howpsuzlyk bilen baglylykda möhüm ähmiýetli faktora öwrülendigini äşgär etdi. Şoňa görä-de, Lukmançylyk önümleriniň barlaghana we tehniki synaglaryny geçirmek boýunça merkezi döretmeli, bu Merkez halkara standartlarynyň ählisine laýyklykda akkreditirlenen görnüşde bolmalydyr.
Global farmakologik korporasiýalar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek zerur. Maýadarlary çekmek, tehnologiýalaryň we has täze işläp taýýarlamalaryň transfertini üpjün etmek möhüm ähmiýete eýedir. Ýurduň önüm öndürijileri bilen offteýk-şertnamalarynyň möçberini we nomenklaturasyny giňeltmek gerek. Ýurtda öndürilýän derman serişdeleriniň we lukmançylyk önümleriniň häzirki 17 göterime barabar bolan paýyny eýýäm 2025-nji ýylda 50 göterime ýetirmek zerur.
Bedenterbiýe saglygyň girewi diýlip hasaplanýar. Köpçülikleýin sport we çagalaryň sporty bilen meşgullanmak üçin ähli şertleriň döredilmelidigini ýene-de bir gezek aýdýaryn. Oblastlaryň akimleri sporta degişli infrastrukturanyň tapgyrlaýyn gurluşygynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmelidir.
Umuman, Tokiodaky Olimpiadanyň jemleri bilen baglanyşdyryp aýdanyňda, sportdaky işleriň ýagdaýyna aýratyn maslahatda garamagyň zerurdygy görünýär.
III. GÖWNEJAÝ HILLI BILIM
Şu ýylyň ýanwaryndan başlap, pedagogik işgärleriň zähmet haky 25% artdyryldy. Indiki üç ýylyň dowamynda biz şu maksatlar üçin 1,2 trln tenge gönükdireris. Amala aşyrylan çäreler öz miwesini berýär – pedagogik hünärler boýunça okuwa girýänleriň ortaça bally birden ýokarlandy.
Biz mugallymlara goldaw bermek baradaky syýasaty dowam etdireris. Şunuň bilen birlikde, ählumumy (global) derejedäki özgerişliklere mahsus şertlerde alnan bilimleriň uçurymyň zähmet bazaryna çykýan wagtyna çenli könelmeginiň ähtimallygy artýar. Şonuň üçin, şu ugra degişli ministrligiň öňünde okuw maksatnamalaryny hakykatdaky täze ýagdaýlara laýyk getirmek baradaky gaýra goýulmasyz wezipe goýulýar.
Pandemiýaly döwürde daş aralykdan (distansion ýagdaýda) okatmagyň netijeleri milli telekommunikasion ulgamlaryň netijeliliginiň ýeterlikli däldigini äşgär etdi. Munuň özi esasy, elementar bilimleri bolmadyk köp sanly okuwçylaryň döremegine getirdi. Ýene-de bir, has dogrusy, ýaramaz ýagdaý ýüze çykdy – çagalar okuwyny taşlaýar, çünki olarda okuw hökman däl diýen garaýyş bar.
Hökümete şu meseläniň çözülmegi, hususan-da, daş aralykdan okatmagyň formatlary üçin maglumat ulgamlarynyň hilini gowulandyrmak bilen has düýpli meşgullanmak tabşyrylýar. Biziň bilimimiz elýeterli hem-de inklýuziw görnüşde bolmalydyr.
Ýöne göwnejaý täzelikler hem bar. Şu ýylda gazagystanly okuwçylaryň birnäçesi dersler boýunça halkara olimpiadalaryň ýeňijileri boldy we baýrakly orunlary eýeledi.
Şunuň ýaly okuwçylara hemme taraplaýyn goldaw bermek gerek. Biz ýokary okuw mekdeplerine bäsleşige goşulman girmek üçin, olara grantlary bereris we bir gezeklik pul baýraklaryny gowşurarys. Şeýle hem çagalary terbiýelän mugallymlary ruhy we maddy taýdan höweslendirmek gerek.
Ählumumy okuwyň çygrynda sosial taýdan gowşak maşgalalaryň çagalaryna goldaw bermek örän möhüm ähmiýete eýedir. “Sanly ulgamdaky mugallym” diýen okuw taslamasy arkaly, maddy taýdan goldaw bermek boýunça çäreleriň üstüni ýetirmek gerek.
Bilim ulgamyna maksada okgunly we hünärine ökde mugallymlar zerur. Mugallymlara gaýtadan tälim berilmegini häzirkisi ýaly bäş ýylda bir gezek däl-de, üç ýylda bir gezek amala aşyrmaly. Çünki hut mugallymlar täze bilimleri ýaýradyjylar, hakyky magaryfçylar bolmalydyr. Şunda mugallymlaryň okuwy (kursy) öz serişdeleriniň hasabyna geçmegine ýol bermek bolmaz.
Mekdeplerde orunlaryň ýetmezçilik etmegi orta bilim ulgamyndaky möhüm mesele bolmagynda galýar – bu ulgamda 225 müň orun ýetmezçilik edýär. Eger gyssagly çäreler görülmese, bu ýetmezçilik artyp, 2025-nji ýyla çenli 1 mln oruna ýetmegi mümkin. Men ozal 2025-nji ýylyň ahyryna çenli azyndan 800 sany mekdebi gurmak barada tabşyryk beripdim. Bu gün şol sany artdyryp, 1000 sany mekdebe ýetirmek baradaky wezipäni öňde goýýaryn.
Býujetiň hasabyna gurmakdan başga-da, bu örän möhüm meseläniň çözülmegine hususy ulgamy çekmek talap edilýär.
Oba mekdepleriniň jan başyna maliýeleşdirilmegine we doly üpjünligine (komplektligine) tapgyrlaýyn geçilmegine girişmeli.
Çagalary irki döwürde hünärlere ugrukdyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Ýetişip gelýän ýaş nesil geljekki hünäriniň saýlanyp alynmagyna oýlanyşykly çemeleşmelidir. Hökümet “Atameken” atly Milli edara bilen bilen birlikde, bu wajyp wezipäniň çözülmegi bilen meşgullanmalydyr.
Biz “Muzdsuz tehniki we hünärmentçilik bilimi” atly taslamanyň amala aşyrylmagyny dowam etdireris.
Häzirki wagtda NEET ýaşlaryň (işlemeýän hem-de okamaýan ýa-da hünär edinmeýän ýaş adamlaryň) arasynda 237 müň adam işe we okuwa gatnaşmaýar. Her ýylda 50 sany abituriýent tölegli okuwa girýär, şolaryň 85 göterimi doly üpjün edilmedikleriň toparyna degişlidir. Şu ýagdaýy düzetmek gerek. Zerur hünärler boýunça tehniki we hünärmençilik bilimini alýanlaryň sany ýüz göterime ýetirilmelidir.
Hünär edinmekde goşun ýene-de bir mümkinçilige öwrülmelidir. Belli möhletli harby gullukdaky esgerleriň ykdysadyýetiň belli bir ulgamlarynda zerur bolan iş hünärleriniň edinmegine degişli meseläni özleşdirmek zerur.
Şu ugra degişli ministrligiň wezipesi ýokary bilimiň hiliniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ýokary okuw mekdepleri işgärleriň göwnejaý derejede taýýarlanmagy üçin jogap bermelidir.
Ylmy ösdürmek – möhüm ähmiýetli we ileri tutulýan ugurdyr. Şu ulgamda toplanan meseleleri çözmek üçin, ýylyň ahyryna çenli kanunçylyga üýtgetmeleri girizmek gerek.
Ilki bilen, esasy alymlaryň durnukly we mynasyp derejede bolmagyny üpjün etmeli we ony ylmy maliýeleşdirmegiň esasy ugrunyň hataryna goşmaly. Jemgyýetiň ynamy baradaky Milli geňeşiň mejlisinde men düýpli (fundamental) ylym bilen meşgullanýan ylmy-barlag institutlarynyň gönüden-göni maliýeleşdirilmeginiň ornaşdyrylmagyny tabşyrypdym Şu ugra degişli ministrlik şonuň ýaly ylmy edaralary saýlap almagyň we maliýeleşdirmegiň takyk we aýdyň düzgünlerini işläp taýýarlamalydyr.
Onsoň, grantlaryň üç ýyllyk diýlip çäklendirilmegi fundamental ylmy ösdürmekde düýpli kynçylyk diýlip hasaplanýar. Şunuň ýaly gysga möhletleýin meýilleşdirmek arkaly, haýsydyr bir möhüm netijeleri gazanmak aňsat düşmeýär. Ylmy grant görnüşinde maliýeleşdirmegiň möhletlerini bäş ýyla çenli artdyrmak baradaky meselä garamak gerek.
Milli ylmy geňeşleriň çözgütleriniň obýektiwligi baradaky mesele gün tertibinden aýrylmaýar. Indi apellýasiýa institutyny girizmegiň wagty geldi diýip hasaplaýaryn.
Umuman aýdanyňda, Gazagystanda bilimiň we ylmyň öňünde giň gerimli, gaýra goýulmasyz wezipe durýar, şol wezipe täze ugurlara eýermek bilen çäklenmän, bir ädim öňde bolmakdan, trendleri döretmekden ybaratdyr.
“Açyk (diňleýän) döwletiň” esasy ýörelgesine görä, döwlet diwany (apparaty) raýatlaryň bähbitleri üçin işlemelidir. Munuň özi ilkinji nobatda ýerli häkimiýet edaralaryna degişlidir.
Hut akimatlar raýatlar bilen özara ylalaşykly hereket etmelidir we olaryň meselelerini gyssagly (operatiw) ýagdaýda çözmelidir. Ýöne köplenç halatda munuň özi başa barmaýar. Ýokary ýolbaşçylyk sebitlerde kabul edilýän çözgütleri häli-şindi düzetmeli bolýar ýa-da olaryň deregine çözgütleri kabul etmeli bolýar.
Dürli derejedäki akimler özbaşdak ädimleri amala aşyrmaga ukypsyz bolup çykýar we Merkeze garamak arkaly işleýärler. Munuň özi, esasan, akimleriň raýatlara hasabat bermeginiň häzirki derejesiniň göwnejaý bolmazlygy bilen baglanyşyklydyr. Olaryň işine baha berlende, hut sebitlerdäki ýaşaýjylaryň oý-pikirleri göz öňünde tutulmaýar diýen ýaly. Şoňa görä-de, ähli derejelerdäki akimleriň işine baha bermegiň mehanizmini oňaýly görnüşe getirmek talap edilýär.
Sorag-jogap görnüşinde geçirilýän garaşsyz sosiologik barlaglar möhüm ähmiýete eýedir. Şol barlaglar ilatyň häkimiýet edarasynyň işiniň hiline hakykatdaky garaýyşynyň obýektiw görnüşde äşgär edilmegine ýardam berýär. Sorag-jogap görnüşinde raýatlaryň oý-pikirleri formal hasabatlar arkaly däl-de, gönüden-göni äşgär edilýär. Prezidentiň Administrasiýasy şu mesele boýunça teklipleriň toplumyny taýýarlamalydyr.
Sebitlere degişli syýasatda ilkinji nobatda durmuş-ykdysady ösüşdäki disbalanslaryň azaldylmagyna üns berilmelidir. Her bir sebite mahsus bolan wezipeler umumymilli derejede ileri tutulýan ugurlar bilen takyk utgaşdyrylmalydyr.
Milli ösüş meýilnamasynyň çygrynda raýatlaryň ýaşaýyşynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça anyk wezipeleriň 25-si kesgitlenildi. Munuň özi biziň işimiziň esasy ugurlarydyr. Şoňa görä-de, Hökümet hem-de akimler Sebitleri ösdürmegiň meýilnamalaryny tassyklanan umumymilli wezipelere laýyklykda täzelemeli bolar.
Elbetde, býujetiň çykdajylarynyň prioritizasiýasy (ileri tutulýan ugurlaryň kesgitlenmegi) disbalanslary azaltmagyň esasy usullarynyň biri diýlip hasaplanýar. Respublikan býujetden serişdeleriň bölünip berilmegi akimleriň “dogumlylygyna”, kimdir biriniň makul görmegine we beýleki subýektiw faktorlara bagly bolmaly däldir.
Býujetiň düzülmegine degişli amallary täzeden ýola goýmak üçin, jan başyna maliýeleşdirmegiň mehanizminden has giňden peýdalanmak talap edilýär, býujet limitlerini paýlamagyň obýektiw usulyýetini ornaşdyrmak gerek.
Indi býujet amallaryny aňsatlaşdyrmaly, şu meselede býurokratiýany düýpgöter azaltmaly, býujeti meýilleşdirmegiň we berjaý etmegiň sanly usullarynyň ulanylmagynyň gerimini giňeltmeli. Býujet maksatnamalary boýunça administratorlaryň jogapkärçiligini güýçlendirmek bilen birlikde, blok görnüşli býujeti ornaşdyrmak zerur. Hökümet býujet kanunçylygyna hem-de kanuna laýyklykda we ony berjaý etmek üçin kabul edilen namalara degişli düzedişleriň toplumyny işläp düzmeli bolar.
Taslamalaryň smeta boýunça bahasynyň birsyhly ýokarlandyrylmagy örän ýiti mesele diýlip hasaplanýar. Munuň özi, meselem, çagalar baglary we mekdepler ýaly kiçeňräk desgalara hem-de infrastruktura boýunça iri taslamalara degişlidir. Hereket edýän kadalaşdyryjy namalaryň binýadyna we tejribä gysga möhletlerde gaýtadan düýpli garamak gerek. Hökümete, Hasaplaýyş komitetine 1-nji dekabra çenli teklipleri girizmek tabşyrylýar.
Indiki mesele sebitleriň maliýe taýdan özbaşdaklygyny artdyrmakdan ybaratdyr.
2020-nji ýyldan bäri kiçi we orta telekeçilikden alynýan korporatiw girdeji salgydy ýerli býujete geçirildi. Ykdysady işjeňligiň pese düşendigine garamazdan, şu döwürde ýerli býujetlere gelip gowuşýan serişdeler meýilnamada bellenilenden 25% köp boldy. Munuň özi akimleriň ýerli işewürligiň ösdürilmegi, maýa goýumlarynyň köpeldilmegi we salgyt binýady babatda bildirýän gyzyklanmasynyň artandygyny görkezýär.
Şu ugurdaky hereketi dowam etdirmek gerek. Hökümetden ýylyň ahyryna çenli degişli teklipleriň toplumlaryny taýýarlamagy haýyş edýärin.
Gazagystan urbanizasiýa degişli durnukly meýillere esaslanýan ugur boýunça gadam urýar. Millionlarça ilatly şäherler Gazagystanyň global derejedäki bäsdeşlige ukyplylygynyň diregine öwrülmelidir, oblast merkezleri sebitleriň ösüş gazanýan nokatlary bolmalydyr. Şoňa görä-de, Aglomerasiýalary ösdürmek hakyndaky kanuny we şäherleri toplumlaýyn gurmagyň täze standartlaryny işläp düzmeli bolar.
“Infrastruktura üçin adamlar” diýen ýörelgäniň berjaý edilmegi örän möhüm ähmiýete eýedir. Şunda geljegine uly umyt baglanýan obalaryň ösüşine aýratyn üns berilmelidir. Esasy maksat olaryň Sebitlerdäki standartlaryň ulgamyna laýyk gelmegini üpjün etmekden ybaratdyr. Şeýle çemeleşmeler Ýerlerdäki (territoriýalardaky) ösüş boýunça meýilnamalarda öz beýanyny tapmalydyr.
Häzirki wagtda senagat önümçiliginiň 40 göterime golaýy mono şäherleriň 27-siniň paýyna düşýär. Bu ýerlerde 1,4 mln raýatlarymyz ýaşaýar. Mono şäherleriň mundan beýläk-de funksionirlenmegi boýunça oýlanyşykly çözgütler zerur. Ýakyn wagtda biz bu meseläni aýratyn mejlisde ara alyp maslahatlaşarys.
Ýerli öz-özüni dolandyryşy kämilleşdirmek ileri tutulýan möhüm ugur diýlip hasaplanýar. Merkeziň tabynlygyndaky şäherlerde we oblast merkezlerinde “ilatyň gatnaşmagyndaky býujet” boýunça onlarça taslamalar raýatlaryň hakykatdaky zerurlyklaryna laýyklykda amala aşyryldy. Munuň özi üstünlikli tejribedir. Indi abadançylyk we ýaşaýyş jaý-kommunal hojalyk boýunça “ilatyň gatnaşmagynyň” paýyny 10 esse köpeltmek zerur.
Ýurduň “içerki baglanyşygyny” güýçlendirmek üçin, ulag infrastrukturasy boýunça başlanan taslamalaryň ählisini tamamlamaly bolar. “Nurly žol” atly döwlet maksatnamasynyň çygrynda merkezi sebitler bilen baglanyşdyrýan bir umumy ulag ulgamy döredilýär. Infrastruktura we durmuşa degişli strategiki taýdan möhüm taslamalar amala aşyryldy. Akimleriň we Hökümetiň wezipesi her bir sebit üçin, infrastrukturany ösdürmek boýunça şuňa meňzeş maksatnamalaryň aşyrylmagyna badalga bermekden ybaratdyr.
Ýerlerde infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak boýunça öňden bäri mälim bolan meseleler bar.
Hökümet “Samruk-Kazyna” atly Gazna bilen birlikde, aşakda görkezilen uly möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagyna girişmelidir. Şunda Almatynyň 2-nji Ýylylyk elektrik merkeziniň meýdançasyna bugly-gazly desgany gurmak, 3-nji Ýylylyk elektrik merkezini döwrebaplaşdyrmak we 1-nji Ýylylyk elektrik merkezini giňeltmek, günorta sebitde 1000 megawata barabar energiýa öndürýän täze kuwwatlyklary işe girizmek, Almatyda we Almaty oblastynda kabelleriň ulgamlarynyň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar. Şu taslamalar üçin gönükdirilýän maýa goýumlarynyň umumy möçberi bir trillion tengeden gowrak bolar.
Strategik maýadarlar bilen bilelikde, biz ýurduň dürli sebitlerinde täzeden ulanylýan energetika boýunça 2400 megawata golaý energiýa öndürýän kuwwatlyklary işe girizeris.
Ýurtda ekologiýa, aýratyn-da howanyň hiline degişli meselelere içgin üns berilmelidir.
Orta möhletleýin geljekde has hapalanan şäherleriň 10-syny gazlaşdyrmak we energiýanyň alternatiw çeşmeleriniň ulanylmagyna geçmek zerur.
Günbatar sebitleri gaz bilen üpjün etmek baradaky ýagdaýy gowulandyrmak üçin, eýýäm şu ýylda umumy möçberi 700 mlrd tenge barabar bolan taslamalaryň üçüsiniň amala aşyrylmagyna girişiler. Bular Karaganda gazy gaýtadan işleýän zawodyň gurluşygyna, “Makat-Demirgazyk Kawkaz” magistral gaz geçirijisiniň gurluşygyna, “Beýneu-Žanaözen” magistral gaz geçirijisiniň döwrebaplaşdyrylmagyna degişli taslamalardyr.
Indiki möhüm ähmiýetli mesele şundan ybarat. Birleşen Milletler Guramasynyň çaklamasy boýunça suw gorlarynyň (resurslarynyň) ahlumumy ýetmezçiligi ýüze çykar. 2030-njy ýyla çenli dünýäde suwuň ýetmezçiliginiň 40 göterime ýetmegi mümkin. Şoňa görä-de, has täze tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň kömegi arkaly, suwuň tygşytlanmagyny kämilleşdirmek zerur. Munuň özi strategik wezipedir – suwuň ýetmezçiliginiň öňüni almagyň başga ýoly ýok. Hökümet suwy tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň höweslendirilmegine, suwuň ulanylyşynyň netijeli kadalaşdyrylmagyna mümkinçilik döredýän anyk çözgütleri taýýarlamalydyr.
Suw desgalarynyň ekologik ulgamlaryny aýawly saklamak we gorlary rejeli ulanmak üçin, biz 120 sany kanalyň durkunyň täzelenmegine girişeris. Akmola, Almaty, Günbatar Gazagystan, Žambyl, Gyzyl Orda, Türküstan oblastlarynda täze howdanlaryň 9-sy gurlar. Bu giň gerimli taslamany amala aşyrmak üçin bizde zerur gorlar (resurslar) bar.
Atyrau we Mangistau oblastlarynyň etraplaryny agyz suwy bilen üpjün etmek üçin, “Astrahan-Mangyşlak” atly magistral suw geçiriji döwrebaplaşdyrylar hem-de Kenderli şäherçesinde suwy süýjüdýän täze zawod gurlar.
Umuman aýdanyňda, onlarça ýyllaryň dowamynda şu maksatlar üçin örän köp serişdeleriň gönükdirilendigine garamazdan, agyz suwuny elýeterli etmek baradaky mesele çözülmedi. Şoňa görä-de, men Sebitleri ösdürmek baradaky milli taslamanyň çygrynda bäş ýylyň dowamynda şäherleri we obalaryň arassa agyz suwy bilen 100% üpjün etmek boýunça wezipäni öňde goýýaryn. Munuň özi Hökümetiň ileri tutulýan wezipesidir.
Men ýene-de bir mesele barada aýratyn durup geçmek isleýärin. Dünýä senagatyň we ykdysadyýetiň ekologizasiýasyna tarap hereket edýär. Häzirki wagtda munuň özi gury ösüş bolman, salgytlar, ýygymlar, tehniki taýdan kadalaşdyrmagyň çäreleri ýaly görnüşde anyk çözgütlere öwrüldi. Biz çetde durmaly däl, çünki bularyň ählisi eksport, maýa goýumlary we tehnologiýalaryň transferti arkaly bize gönüden-göni öz täsirini ýetirýär. Munuň özi Gazagystanyň durnukly ösüşine degişli mesele diýsek, ulaldyp aýtdygymyz bolmaz.
Şoňa görä-de, men 2060-njy ýyla çenli uglerodly bitaraplyga (neýtrallyga) ýetmek baradaky meseläni öňde goýýaryn. Şu ugurda biz örän oýlanyşykly işlemeli. Biziň örän uly ýurdumyzyň ilaty artýar we ykdysadyýet ösýär, göwnejaý hilli ösüş gazanmak üçin energiýa zerurdyr.
Kömrüň ileri tutulan döwri dura-bara tamamlanyp barýar, şoňa görä-de, biz energiýanyň ygtybarly we esasy generasiýasynyň çeşmeleri barada oýlanmaly. 2030-njy ýyla çenli Gazagystanda elektrik energiýasynyň ýetmezçiligi ýüze çykyp başlar.
Dünýäde toplanan tejribe parahat atomy has oňaýly çykalga hökmünde äşgär edýär. Bu mesele ýönekeý däldir, şoňa görä-de, onuň çözülmegine çaklamasyz we emosiýasyz hem-de maksimal derejede rejeli çemeleşmeli. Ýylyň dowamynda Hökümet we “Samruk-Kazyna” Gazagystanda howpsuz we ekologik taýdan amatly atom energetikasyny ösdürmegiň mümkinçiligini öwrenmelidir.
Şu meselä inženerlik işini ösdürmek, hünärine ökde inženerleriň-atomçylaryň täze neslini kemala getirmek baradaky nukdaýnazara görä garamak gerek.
Şeýle hem “ýaşyl” wodorod önümçiligi, umuman, wodorod energetikasy geljekki oňaýly ugur diýlip hasaplanýar. Hökümete şu mesele boýunça hem teklipleri taýýarlamak tabşyrylýar.
Pandemiýa zähmet bazarynyň ep-esli derejede özgermegine getirdi. Ilkinji nobatda daş aralykdan işlemek bilen bagly format batly depginde ösýär.
Täze meýil täze hünärleriň ýüze çykmagynyň, amallaryň (prosesleriň) aglabasynyň awtomatik ýagdaýa we sanly görnüşe geçmeginiň fonunda kämilleşýär. Şunuň ýaly ýagdaýlarda bäsdeşlige şahsy ukyplylygy kwalifikasiýany birnäçe gezek üýtgetmek, täze hünärleri özleşdirmek arkaly üpjün etmek bolar. Şonuň üçin, “Hünärleriň kwalifikasiýalary hakyndaky” kanun zerur. Bu kanun kwalifikasiýalary ykrar etmek, işgärleriň başarnyklarynyň kämilleşdirilmegini höweslendirmek baradaky meseleler kämilleşdiriler.
Ählumumy sanly ulgama geçilmegi internet-platformalar esasynda işliligiň täze görnüşleriniň ýüze çykmagyna getirdi. Taksileri sürüjiler, çaparlar (kurýerler) we beýlekiler muňa aýdyň mysal bolup biler. Bu ugur durmuş we lukmançylyk boýunça ätiýaçlandyryş, pensiýa üpjünçiligi, salgyt salynmagy bilen baglylykda döwlet tarapyndan goldaw berilmegine mätäçdir.
Bizdäki zähmet bazaryna migrasiýa degişli ýagdaýlar uly täsirini ýetirýär. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Gazagystan kabul edilýän zähmet migrantlarynyň sany boýunça ikinji orunda durýar. Şu ugurdaky meseleler boýunça dürs çözgütler zerur. Hökümet migrasiýa syýasatynyň täze Konsepsiýasyny işläp düzmeli bolar. Şeýle hem bu Konsepsiýada daşary ýurtlarda işleýän raýatlarymyzyň hukuklaryny goramagyň mehanizmleri äşgär edilmelidir.
Şeýle hem içerki zähmet mobilliginiň meseleleri boýunça täze çemeleşmeler zerur. Hökümet ýurduň günortasyndan demirgazyga tarap göçýän raýatlara kömek pullaryny bermek boýunça hereket edýän mehanizmiň formatyny täzelemeli bolar. Hususan-da, kömek pullaryny diňe bir akimatlar arkaly bermek bilen çäklenmän, günortadaky sebitlerde işgärleri özbaşdak hakyna tutýan iş berijileriň harajatlarynyň öwezini dolmak arkaly hem bermek bolar.
Göçýänlere we özbaşdak telekeçilik bilen meşgullanmak isleýänlere işjeň ýagdaýda ýardam berilmelidir. Şeýle hem olara diňe bir ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we oba hojalyk işlerini amala aşyrmak üçin ýer böleklerini bölüp bermek baradaky mümkinçilige garamaly hem-de döwlet tarapyndan berilýän goldawyň has elýeterli bolmagyny üpjün etmeli.
Şu ýerde ýene-de bir mesele barada aýdyp geçesim gelýär. Gazagystan – sosial döwlet. Kyn ýagdaýa düşen raýatlara hemme taraplaýyn kömek bermek - biziň ileri tutýan ugurlarymyzyň biridir. Ýöne, gynansak-da, jemgyýetde paternalistik we durmuşda başga birine bil baglamak ýaly meýiller pugtalanýar.
Ýurtda döwletiň sosial maksatnamalaryny düşünjeli ulanýan raýatlar az däl. Şunuň ýaly ýagdaý jemgyýetçiligiň aň-düşünjesinde nädogry ýörelgeleri döredýär. Islendik siwilizlenen ýurtda bolşy ýaly, bu raýatlar kanun boýunça we jemgyýetiň öňünde jogap bermelidir. Şunda hakykatdan-da kömege mätäç bolan adam goldaw bermek boýunça çäreleriň perimetriniň daşynda galýar. Elbetde, ýurdumyzyň mümkinçilikleri az däldir, ýöne şol mümkinçilikleriň öz çygry bar.
Esaslandyrman sosial ýeňillikleri almak baradaky isleg adamy öz zähmeti arkaly gazanmakdan daşlaşdyrýar. Şunuň ýaly gelşiksiz ýaşaýyş ýörelgesi ýaşlaryň ileri tutýan gymmatlyklaryna oňaýsyz täsirini ýetirip başlady. Şoňa görä-de, raýatlaryň düşünjeliliginde, jemgyýetde, kanunçylykda düýpli özgerişlikler zerur. Taýýarlanýan Sosial kodeksde şu meseleleriň ählisine içgin üns bermek gerek.
Syýasy taýdan tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrmak – biziň döwletimiziň strategik ugrunyň esasy wezipeleriniň biridir.
Soňky iki ýylda bize şu ugur boýunça düýpli özgertmeleriň ençemesini amala aşyrmak başartdy. Mitingleri geçirmegiň mälim ediş ýörelgesini berkiden täze kanun kabul edildi; partiýalaryň Mažilise geçmegi üçin görkeziji 5% çenli azaldyldy; saýlaw býulletenlerine “hemmesine garşy” diýen grafa goşuldy.
Şu we beýleki işlär jemgyýet tarapyndan işjeň ýagdaýda oňlanyldy. Munuň özi biziň durnukly demokratik ösüşe gönükdirilen ugrumyzy pugtalandyrýar, syýasy ulgamy hil taýdan özgerdýär, raýatlaryň döwletiň dolandyrylmagyna has giňden çekilmegine ýardam berýär.
Ýöne gazanylan netijeler bilen çäklenmeli däl. Biziň maksadymyz döwletiň netijeliligini artdyrmakdan, transparentligi we syýasy prosesdäki bäsdeşligi mundan beýläk-de kämilleşdirmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, syýasy özgertmeleri amala aşyrmak dowam etdiriler.
Döwletliligi yzygiderli pugtalandyrmak üçin, biz ähli özgertmeleri yzygiderli we özboluşlylygymyzy göz öňünde tutmak arkaly amala aşyrarys. Munuň özi kuwwatly, adalatly we progressiw (öňde baryjy) döwleti gurmagyň ýeke-täk dürs ýoly diýlip hasaplanýar. Biziň raýatlarymyz şunuň ýaly çemeleşmäni bütinleý oňlaýarlar.
Oba akimleriniň göni saýlawlylygynyň ornaşdyrylmagy möhüm ädime öwrüldi. Munuň özi meniň geçen ýyldaky Ýüzlenmämde teklip edilen syýasy özgertmäniň möhüm tapgyrydyr. BU çözgüt oba adamlarynyň, ýagny gazagystanlylaryň 40 göterimden gowragynyň bähbitlerine gönüden-göni täsir edýär. biz dory ýoldan barýarys. Eýýäm 2024-nji ýylda raýatlara synag görnüşli usul (režim) boýunça etraplaryň akimlerini saýlamaga mümkinçilik dörediler.
Raýat medeniýetini kämilleşdirmek ýerli öz-özüni dolandyryşy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň wajyp faktory diýlip hasaplanýar.
Prezidentiň Administrasiýasy oba ýerlerinde raýatlaryň başlangyçlaryna goldaw bermegiň netijeli mehanizmini işläp düzmeli bolar. Grant görnüşinde maliýeleşdirmegiň ulgamyny obalardaky hökümete dahylsyz guramalaryň ýüz tutmalaryna laýyk getirmek gerek. Munuň özi obada sosial işjeňlige göwnejaý badalga berer.
Saýlawlardaky sanawlarda zenanlar we ýaşlar üçin otuz göterimlik kwota baradaky kadanyň ornaşdyrylmagy partiýalaryň işleri has işjeň alyp barmagyna, öz hatarlaryna ýaşlary has köp çekmegine, täze adamlary gözlemegine itergi berdi. Şunuň bilen birlikde, halkyň saýlanlarynyň jemleýji düzümi kwotadan göwnejaý peýdalanylmagyny äşgär etdi. Şoňa görä-de, göwnejaý netije gazanmak üçin, deputatlaryň mandatlary paýlananda ol kwotany hökman göz öňünde tutmak baradaky kadany kanunçylyk arkaly berkitmek gerek.
Biz inklýuziw jemgyýeti gurýarys. Ýöne aýratyn zerurlyklary bolan adamlara jemgyýetçilik-syýasy durmuşda wekilçiligi edilişi entek gowşak. Aýratyn zerurlyklary bolan adamlar üçin hem kwotany belläp, zenanlardan we ýaşlardan başga raýatlaryň kwotirlenýan toparlarynyň (kategoriýalarynyň) sanawyny artdyrmagy teklip edýärin.
Adamyň hukuklarynyň goralmagyna degişli ugry elmydama aýratyn blok (ugur) hökmünde tapawutlandyryp görkezýändigimi bilýänsiňiz. Soňky iki ýylda biz şu ugurda ep-esli öňe gidişlik gazandyk.
Şu ýylyň ýanwarynda men ölüm jezasynyň ýatyrylmagyna gönükdirilen Raýatlara hukuklary we syýasy hukuklar baradaky halkara paktyna degişli Ikinji Fakultatiw protokoly tassyklamak hakyndaky Kanuna gol çekdim. Indi Jenaýat kodeksiniň kadalaryny we Ikinji Fakultatiw protokolyň düzgünlerini biri-birine laýyk getirmeli bolar. Degişli kanunyň ýylyň ahyryna çenli kabul ediljekdigine bil baglaýaryn.
Tomsuň başynda meniň Permanyma laýyklykda, Hökümet tarapyndan Adamyň hukuklaryny goramak boýunça toplumlaýyn meýilnama tassyklady. Bu möhüm ähmiýetli resminama arkaly, Gazagystanda adamyň hukuklaryny goramagyň ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň uzak möhletleýin institusional esasynyň düýbi tutuldy.
Toplumlaýyn meýilnama kabul edilenden soňra, gender deňligini üpjün etmek baradaky işiň amala aşyrylmagyna işjeň ýagdaýda girişildi. Şunuň bilen baglylykda, zenanlaryň jemgyýetdäki ykdysady we syýasy garaýyşlaryna (orunlaryna) maksimal derejede goldaw berilmegini üpjün etmeli. Şu iş üçin Prezidentiň Administrasiýasy jogap berýär.
Şeýle hem Maşgala we gender syýasatynyň konsepsiýasyna üýtgetmeli girizmeli bolar.
Hukuk goraýjy ulgamda düýpli özgerişlikler bolup geçýär. 2021-nji ýylyň 1-nji iýulyndan bäri administratiw ýustisiýa hereket edýär. Bu ulgam döwlet diwanynyň (apparatynyň) we raýatlaryň özara gatnaşyklaryny täzeçe guraýar. Kazyýetleriň işiniň döwrebap formatlary ornaşdyrylýar, artykmaç diýlip hasaplanýan kazyýet amallary (proseduralar) azaldylýar. Kanunçylykdaky çapraz we düşnüksiz ýagdaýlar kanunçylyk derejesinde raýatlaryň we işewürligiň (biznesiň) peýdasyna düşündirmek üpjün edildi.
Üç düzümli modeli ornaşdyrmak arkaly, jenaýat boýunça garalýan işe gatnaşýanlaryň goragy güýçlendi. Ýylyň başyndan bäri iki müňden gowrak raýatlaryň jenaýat orbitasyna bikanun çekilmeginiň öňüni almak başartdy.
Prokurorlyk gözegçiliginiň operatiwligi ýokarlandy – esaslandyrylmadyk çözgütleriň 98% üç gije-gündiziň dowamynda ýatyryldy. Prokurorlaryň aýyplaýyş namalaryny taýýarlamak boýunça ygtyýarlylyklaryny tapgyrlaýyn artdyrmak zerur. Munuň özi olaryň jogapkärçiligini artdyrar we derňewiň netijelerine hukuk taýdan baha bermegiň mehanizmlerini güýçlendirer.
Içeri işler edaralary öz ugruna degişli bolmadyk funksiýalaryň ençemesini berjaý etmekden boşadyldy. Uçastok inspektorlarynyň statusy ýokarlandyryldy – olara hukuk bozulmagynyň öňüni almak boýunça goşmaça ygtyýarlylyklar berildi.
Sebitleriň birnäçesinde synag hökmünde, polisiýanyň serwis modeliniň ulanylmagyna badalga berildi. Indiki tapgyrda bu işiň gerimi giňeldiler. Bu işde üstünlik gazanylmagy, esasan, ýerli häkimiýet edaralarynyň işe çekilmegine baglydyr, bu edaralar ornaşdyrylýan täzelikleriň manysyna düşünmelidir we polisiýa ýardam bermelidir.
Şunuň bilen birlikde, jenaýatçylyga garşy göreşe degişli amaly meseleleri ünsden düşürmek bolmaz. Aldawçylygyň artmagy raýatlarda adalatly gahar-gazap döredýär. Baş prokuratura aldawçylyklara we maliýe piramidalaryna garşy göreşmek boýunça çäreleriň toplumyny işläp düzmeli bolar.
Aýratyn-da, ata-eneleri tarapyndan aladasy edilmeýän çagalaryň garşysyna gönükdirilen jynsy jenaýatlaryň öňüniň alynmagyna we soňuna çykylmagyna aýratyn gözegçilik edilmelidir.
Neşe serişdeleriniň, şol sanda bularyň sintetik görnüşleriniň ýaýradylmagy indiki nesilleriň sag-salamatlygyna howp salýan ýagdaýdyr. Hukuk goraýjy edaralara raýatlarymyzyň, aýratyn-da ýaşlaryň arasynda bu belanyň ýaýradylmagynyň ýoluna berk böwet goýmak tabşyrylýar.
Korrupsiýa garşy netijeli göreşiň amala aşyrylmagyny dowam etdirmek gerek. Şu ugra degişli agentlik orta möhletleýin döwürdäki hereketlerimiziň maksatnamasyny kesgitleýän strategik resminamany tassyklamak üçin ýylyň ahyryna çenli tabşyrmalydyr. Şunda “durmuşy korrupsiýanyň” düýpgöter aradan aýrylmagyna aýratyn üns berilmelidir.
Raýatlaryň hukuklaryny goramak bilen birlikde, hukuk goraýjylaryň, şol sanda aklawçylaryň hukuklaryny-da unutmak bolmaz. Olaryň işiniň howpsuz alnyp barylmagyny üpjün etmeli, olaryň işine päsgel berýän bikanun hereketleriň öňüni almaly.
Ýokarda görkezilen çäreleriň ählisi biziň syýasy ulgamyň kämilleşdirilmegine we adamyň hukuklarynyň goralmagyna gönükdirilen strategik ugrumyzyň düzüminiň belli bir bölegidir.
VII. JEBISLIK MUNDAN BEÝLÄK-DE ÖSÜŞ GAZANMAKDA ESASY ÝAGDAÝ HÖKMÜNDE
Gazagystan durmuşyň ähli ugurlarynda düýpli özgerişlikleriň amala aşýan we düýpgöter täze eýýamda gadam urýar. Global derejedäki durnuksyzlyga we birgiden täze garşylyklaryň ýüze çykmagyna mahsus şertlerde biz ugur edinýän gymmatlyklarymyzy pugtalandyrmaly, geljegiň göz öňüne getirilýän aýdyň keşbini döretmeli.
Biziň “dürli-dürlülik arkaly jebislik” diýen esasy ýörelgämiz mizemezdir. Şoňa görä-de, özara etniki gatnaşyklaryň sazlaşykly ösdürilmegi Gazagystanyň döwlet syýasatynda elmydama esasy ugur bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Munuň özi ritorika däldir, şunuň ýaly çemeleşmäni gazagystanlylaryň absolýut köpçüligi oňlaýar. Agzybirlik, tolerantlylyk (oňşuklylyk) biziň raýatlarymyz üçin hut durmuşyň özüdir, hakykatda medeniýetleriň we dilleriň biri-birine täsir etmegi bilen şertlendirilen ýagdaýdyr.
Konstitusiýa laýyklykda, biz agzybir we bitewi millet, biziň güýjümiz hut şunda jemlenýär. Biz garaýyşlaryň plýuralizmini göz öňünde tutýarys, şol bir wagtda biz radikalizmiň islendik görnüşlerine berk gaýtawul bereris, biziň döwlet özygtyýarlylygymyza, territorial bütewiligimize kast edilmegine ýol bermeris.
Biz jemgyýetdäki agzybirligi we ylalaşygy gözümiziň göreji ýaly aýawly goramaly. Raýatlaryň ählisiniň özara etniki we özara konfessional gatnaşyklaryň sazlaşykly ýagdaýda saklanmagynyň ähmiýetine düşünmegi zerur.
Biz dagynyklyga, agzalalyga garşy durmaga elmydama ukyplydygymyzy görkezdik. Dili, milli ýa-da jyns alamatlary boýunça adamyň kemsidilmegine, at-abraýynyň we mertebesiniň pese düşürilmegine ýol bermeris. Kanun boýunça jogapkärçilige çekeris. Konstitusiýa garşy çykýan we düşünjesiz ädimler ýurdumyzyň bähbitlerine asla laýyk gelmeýär.
Gazak dilini ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Biz şu ugurda düýpli netijeleri gazanmagy başardyk.
Hakykatdan-da, gazak dili bilimiň we ylmyň, medeniýetiň we işleri dolandyrmagyň diline öwrülýär. Umuman aýdanyňda, gazak diliniň ulanylýan ugrunyň gerimi giňelýär. Munuň özi kanuna laýyk ýagdaýdyr. Şoňa görä-de, gazak diliniň kemsidilýän ýagdaýdadygy barada gürrüň etmäge esas ýok.
Biziň Konstitusiýamyza laýyklykda, gazak dili döwlet dili bolup durýar. Rus dili resmi diliň statusyna eýedir, kanunçylygymyza laýyklykda, rus diliniň ulanylmagyna päsgel berilmeli däldir.
Öz geljegini ýurdumyz bilen baglanyşdyrýan her bir raýat döwlet dilini öwrenmekde öz tagallasyny gaýgyrmaly däldir. Munuň özi hakyky watançylygyň ýüze çykmagyny aňladýan ýagdaýlaryň biridir.
Ýaşlarymyzyň dürli dilleri, şol sanda rus dilini bilmegi biziň diňe utuş gazanmagymyza ýardam berýär.
Gazagystanyň we Russiýanyň arasyndaky serhet dünýäde iň uzyn serhet diýlip hasaplanýar, rus dili bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň alty sany resmi dilleriniň biridir. Şoňa görä-de, bu meselä sagdyn manyly nukdaýnazara görä çemeleşmek gerek.
Bize siwilizlenen gepleşigiň we özara hormat goýulmagynyň medeniýetini kämilleşdirmek zerur. Şunda Gazagystanyň halkynyň Assambleýasyna uly orun degişlidir. Biziň her birimiz Watan üçin, ähli raýatlarymyz jogapkärligi duýmalydyrys.
Jemgyýetiň jebisligine, milli meňzeşligi pugtalandyrmak baradaky meselelerde taryhy mirasdan we ýurduň medeni kuwwatyndan netijeli peýdalanylmagyna uly ähmiýet berilýär. Şu ýagdaýlar bilen baglylykda, şol sanda halkara derejesinde özüni oňaýly tanatmakda Gazagystan giň gerimli mümkinçiliklere eýedir.
Şol bir wagtda, şu mesele boýunça syýasatymyz gaýtadan garalmagyny talap edýär. Häzirki wagtda nämüçindir döwlet köplenç halatda diňe belli-belli adamlaryň taslamalaryny maliýeleşdirýär, bular bolsa býujetleri kanagatlanma bilen sarp edýärler.
Ýöne şunda žanrlaryň täze formatlaryny özleşdirýän we elmydama synag geçirýän ýaş we zehinli heýkeltaraşlar, suratkeşler, teatry halaýanlar, sazandalar, edebiýatçylar mesenatlaryň serişdelerine bil baglamaly bolýar we andergraundda galýar. Ýogsa, hut şolaryň tagallasy bilen, gazak medeniýetiniň global derejede ýaňlanmagyna badalga berilýär.
Şoňa görä-de, Hökümet ekspertler bilen bilelikde, täze medeniýetiň we onuň zehinli wekilleriniň öňe gidişlik gazanmagyna gönükdirilen amaly çäreleriň meýilnamasyny şu ýylyň ahyryna çenli hödürlemelidir.
Kreatiw (döredijilik) industriýa goldaw bermegiň Gaznasyny döretmegiň mümkinçiligine garamak gerek.
Ähli döwürlerde-de intelligensiýa jemgyýetimizde aýratyn orny eýeläpdi. Intelligensiýa elmydama halkymyzy öňe gidişlige gönükdiripdi, ýaşlara tälim beripdi, nadanlyga (bisowatlyga) garşy durupdy, magaryf bilen meşgullanypdy. Şu häsiýetler biziň milli kodumyzyň özenine aralaşdy we biz ony elden gidermeli däldiris.
Häzirki döwür internetiň eýýamy diýlip hasaplanýar. Oňaýsyz (negatiw) maglumatlaryň örän uly toplumy häzirki nesilleriň aň-düşünjesini bulaşdyrýar. Galp pikirler we bahym möwriti dolýan gymmatlyklar köpçülikleýin ýaýradylýar. Munuň özi örän howply ýagdaýdyr.
Şunuň ýaly pursatlarda intelligensiýanyň güýçli pozisiýasy has möhüm ähmiýete eýe bolýar. Onuň at-abraýy sylaglar bilen däl-de, anyk işler arkaly kesgitlenýär.
Esasy wezipe ýaşlara umumy adamzat gymmatlyklaryny öwretmekden ybaratdyr. Jemgyýetimizde watançylyk, bilimleri edinmäge çalyşmak, zähmetsöýerlik, agzybirlik we jogapkärçilik ýaly häsiýetleri wagyz etmek zerur.
Şoňa görä-de, intelligensiýany ýurduň geljegine öz täsirini ýetirýän meseleleri çözmekde çetde durmazlyga çagyrýaryn.
Raýatlaryň gepleşigine (dialogyna) we duýgudaşlygyna mahsus ýörelgeleri kämilleşdirmek, biziň içerki raýdaşlygymyzyň we jebisligimiziň özenini düzýän progressiw gymmatlyklary kämilleşdirmek zerur.
Biz öz ýurdumyzyň unikal birmeňzeşligini diňe bilelikde pugtalandyryp bileris. Gazagystanyň Ilkinji Prezidenti Nursultan Abişewiç Nazarbaýew özara etniki we özara konfessional agzybirligiň biziň tapylgysyz baýlygymyzdygyny ençeme gezek belläp geçdi,
Döwletiň geljeginiň hatyrasyna biz içerki durnuklylygy we umumymilli jebisligi saklamaga we pugtalandyrmaga borçly diýip hasaplaýaryn.
Hormatly watandaşlar!
Biziň ýakyn geljekde ileri tutuljak möhüm ugurlarymyz şulardan ybarat.
Biziň raýatlarymyz – Gazagystanyň esasy baýlygydyr.
Prezident hökmünde meniň işimiň esasy maksady halkyň abadançylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, bu gün men ilkinji nobatda gazagystanlylaryň maddy hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen goşmaça başlangyçlaryň birnäçesini beýan edesim gelýär.
BIRINJI BAŞLANGYÇ
Minimal zähmet hakynyň derejesine gaýtadan garamak zerur diýip hasaplaýaryn. Munuň özi, bir tarapdan, möhüm makroindikatordyr, beýleki tarapdan – hemmelere düşnükli görkezijidir.
Minimal zähmet hakynyň möçberi 2018-nji ýyldan bäri ýokarlandyrylmady. Koronawirus zerarly dünýädäki çökgünlik (krizis) ilatyň girdejilerine agram salynmagyny güýçlendirdi. Galyberse-de, minimal zähmet hakynyň derejesi boýunça Gazagystan GDA ýurtlarynyň birnäçesinden yzda galýar. Şoňa görä-de, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, minimal zähmet hakyny häzirki kyrk iki ýarym müň tengeden 60 müň tengä çenli artdyrmak baradaky çözgüdi kabul edýärin.
Şu çäre bir milliondan gowrak adama gönüden-göni täsir eder we ähli zähmetkeşlere gytaklaýyn täsirini ýetirer. Munuň özi “gizlin” zähmet hakynyň gaznasyny azaldar, häzirki wagtda onuň möçberi deklarirlenýän möçberiň 30 göterimine we megerem, 40 göterime ýetýän bolmagy ahmal.
Minimal zähmet hakynyň ýokarlandyrylmagy içerki sarp edişiň ösüşine mahsus görnüşde oňyn ykdysady täsirini ýetirer. Ekspertleriň baha bermegine görä, munuň özi jemi içerki önümiň 1,5% köpelmegine getirer.
Şol bir wagtda minimal zähmet hakynyň salgyt, durmuş ulgamlarynda we beýleki ugurlarda hasaplaýyş görkezijisi hökmünde ýerliksiz ulanylmagyndan ýüz öwürmek gerek.
Hökümetden we Parlamentden şu ýylyň ahyryna çenli kanunçylyga zerur üýtgetmelerini we olaryň indiki indiki ýylyň ýanwaryndan başlap güýje girizilmegini üpjün etmegi haýyş edýärin.
IKINJI BAŞLANGYÇ
Gazagystanda 6,5 milliondan gowrak adamlar hakyna tutma işgärlerdir. Siz bu ýagdaýy oňat bilýänsiňiz. Zähmet haky olar üçin girdejileriň esasy çeşmesi bolup durýar.
Ýöne soňky on ýylda zähmete hak tölemegiň gaznasy kärhanalaryň eýeleriniň girdejileriniň ösüşinden 60 göterime golaý möçberde yzda gady. Hökümet işewürligiň (biznesiň) öz işgärleriniň zähmet haklaryny ýokarlandyrmagyny höweslendirmegiň “kyn düşmeýän” çäreleri işläp taýýarlaýar.
Işgärleriň zähmet haklaryny ýokarlandyrýan iş berijilere kadalaşdyrylýan satyn alnyşlaryň çygrynda ýeňillikleri bermek hem-de döwlet tarapyndan goldaw berilmegini has elýeterli etmek göz öňünde tutular.
ÜÇÜNJI BAŞLANGYÇ
Zähmete hak tölemegiň gaznasyna agram salynmagynyň sebäbi düşündirilmelidir we ýönekeý görnüşde bolmalydyr. Çünki munuň mikro- we kiçi telekeçilik üçin wajyp ähmiýetlidigi has-da aýdyň bildirýär.
Şunuň ýaly işewürlk (biznes) bilen baglylykda, zähmete hak tölemegiň gaznasyndan bir umumy tölegi ornaşdyrmagy we umumy agramy 34 göterimden 25 göterime çenli azaltmagy teklip edýärin. Munuň özi işewürlige müňlerçe işgärleri “ýaşyryn ýagdaýdan” çykarmagyny höweslendirer, şol işgärler bolsa pension ulgama, durmuş (sosial) we lukmançylyk taýdan ätiýaçlandyryş ulgamlaryna göwnejaý gatnaşýan taraplara öwrülip biler.
Şu meselede yzygiderliligiň bozulmagyna ýol bermek bolmaz. Bökdençliklere we işewürlik üçin çykdajylaryň döremegine ýol bermezlik üçin degişli töleg ulgamyny taýýarlamak gerek. Bu ulgam 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap işläp ugramalydyr.
DÖRDÜNJI BAŞLANGYÇ
2020-nji ýyldan başlap, mugallymlardan, lukmanlardan we durmuş ulgamynyň işgärlerinden düzülen gullukçy raýatlaryň 600 müňden gowragynyň zähmet haky ýokarlandyryldy.
Ýöne bu çäre beýleki gullukçy raýatlara degişli bolman galdy. Olaryň hataryna medeniýet ulgamynyň işgärleri, arhiwçiler, kitaphanaçylar, tehniki işgärler, awçylar (ýegerler), sürüjiler we beýlekiler goşulýar.
Şoňa görä-de, 2022-nji ýyldan başlap 2025-nji ýyl aralygynda gullukçy raýatlaryň şol toparynyň zähmet halkary ýylda ortaça 20% ýokarlandyrylar. Umuman alanyňda, bu başlangyç gazagystanlylaryň 600 müňüsine gönüden-göni degişli bolar.
BÄŞINJI BAŞLANGYÇ
Ýaşaýyş jaý meselesi biziň raýatlarymyz üçin elmydama esasy meseleleriň biri bolar.
“Baspana hit” we “7-20-25” ýaky maksatnamalaryň hereketi bahym tamamlanar. Şonuň bilen birlikde, bazar ipotekasy boýunça hak (stawka) entek ýokary bolmagynda galýar we gazagystanlylaryň ählisi üçin elýeterli (arzan) däldir. Şunuň bilen baglylykda ýaşaýyş jaýlary boýunça bütewi maksatnama işlenip taýýarlanar. “Otbasy bank” bu maksatnamanyň administratory bolar we ol özgerdilip, ösüşiň milli institutyna öwrüler. Bankyň öňünde hasaba alnyşy we raýatlaryň arasynda ýaşaýyş jaýlarynyň paýlanylyşyny “bir penjire” görnüşli ýörelge boýunça üpjün etmek barada wezipe goýuldy.
Men pensiýa boýunça toplanan pullary uzak möhletleýin ulanmak baradaky başlangyjyň oňyn netije berýändigini eýýäm belläp geçdim. Şeýle hem bu ýagdaý adamlaryň iş berijilerden tölegleriň açyk we aýdyň görnüşde tölenmegini talap etmegine badalga berdi. Şu ýagdaýa goldaw bermek üçin, pensiýa boýunça toplanan pullaryň ýeterlikli möçberinden aňry geçýän böleginiň geljekde ýaşaýyş jaýyny satyn almak üçin “Otbasy bankyna” geçirilmegine rugsat bermek gerek diýip hasaplaýaryn. Şeýle hem munuň özi serişdeleri toplamak, bu serişdelerden oýlanyşykly peýdalanmak endigini höweslendirmäge mümkinçilik döreder.
Hormatly deputatlar!
VII çagyrylyş Parlamentiniň birinji sessiýasynyň dowamynda 63 sany kanuny kabul edildi.
Palatalaryň ikisiniň sazlaşykly işlemegi netijesinde, ýurtda ulgamlaýyn özgertmeleri we reformalary amala aşyrmak üçin kanunçylyk binýady döredildi.
Häzirki wagtda Parlamentiň nobatdaky sessiýasy başlandy. Köp sanly möhüm wezipeler öňde goýuldy. Kanunlaryň taslamalarynyň ählisi göwnejaý hilli we çuňňur işlenip taýýarlanýar. Biz halkyň bähbitlerini ileri tutmakda elmydama tutanýerlilik görkezmeli.
Her bir çözgüt diňe bir jemgyýetiň isleglerini göz öňünde tutmak bilen çäklenmän, döwletiň mümkinçiliklerini hem hasaba almak arkaly kabul edilmelidir.
Size şu jogapkärli işde üstünlikleri arzuw edýärin!
Hormatly watandaşlar!
Biziň esasy ugrumyz mizemezdir, maksadymyz aýdyňdyr.
Biz şol maksada ýetmek üçin näme etmelidigini bilýäris. Biz öz meýilnamalarymyzy yzygiderli ýagdaýda amala aşyrýarys hem-de ähli başlangyçlary ahyryna çenli berjaý ederis. Biz her hili wehimlerden we kynçylyklardan baş alyp çykmaga taýyn.
Döwlet Baştutany hökmünde, men halkyň abadançylygy ugrunda öz tagallalarymy gaýgyrmaryn.
Häzirki wagtda öňde duran meseleleri çözmek üçin, döwletiň we tutuş jemgyýetiň jebisleşmegi zerur. Şeýle edilmese, ertir giç bolup çykmagy mümkin.
Meniň pikirimçe, Döwlet Baştutanynyň kesgitlän esasy ugruna ynam bildirmeýän, işini oňarmaýan, işe goşulman bir çetde oturmak isleýän, Prezidentiň tabşyryklaryny berjaý etmekden ýüz öwürýän adamlar eýeleýän wezipesini boşatmalydyr.
Biz indi öz işimiziň aýgytlaýjy tapgyryny amala aşyrmaga girişýäris. Döwlet diwany (apparat) bir umumy mehanizm hökmünde hereket etmäge borçludyr. Diňe şeýle edilende, biz öňde goýlan maksatlara ýetilmegini üpjün ederis.
Milletiň jebisligi – ýurdumyzyň üstünlik gazanmagynda esasy ýagdaý bolup durýar.
Il arasynda agzybirligiň bar ýerinde, bagtyýarlygyň bardygy barada ýöne ýerden aýdylmaýar.
Biziň güýjümiz – jebislikde! Biz ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda bilelikde zähmet çekeris!
Goý, biziň mukaddes Watanymyz müdimi bolsun!